Meniň ýalňyzlygymy elimden almaň
Ony ýüregim deý aýap ýörün men
Köpçülük ýüregme howsala salýar
Yýzymy tapmaryn çyksam dinimden
Ýüregimi dökmerin özümden özgä
Syrymy aýtmaga dost ýok nädeýin
Aglany göremde agladym dözmän
Hem gezdim galdyrman başym gaýgydan
Şoň üçin dözmezlik etmäň halyma
Meniň barlygymy yada da salmaň
Käte isleseňiz geliň yanyma
Ýöne ýalňyzlygymy elimden almaň
©silbaştan
A