G

Bize berilen ýagty dünýäň ýüzünde.

Şeýtan lybasyny geýen köpeler,
"Men molla, men ahun", diýen köpeler,
Haramy, parany, iýen köpeler,
Bize berilen ýagty dünýäň ýüzünde.
Ýalan sözlär, hile gurar mekirler,
Has goýalar Adamzatda akyllar,
Sözi ötmez, peseldiler fakyrlar,
Bize berilen ýagty dünýäň ýüzünde.
Göz diker päliazan kişiň gülüne,
Daýanarlar der dökmedik puluna,
Haýrany bor, öz ýaradan guluna,
Bize berilen ýagty dünýäň ýüzünde.
Peýdalanjagy bor gowşak ýeriňden,
Asyl orun bermez artyk ýerinden,
Gökden ýol ýasarlar görüm-berimden,
Bize berilen ýagty dünýäň ýüzünde.
Kim goňşusyn ýoly bilen aýralar,
Gowulary ili bilen saýlanar,
Ýedi rysgal, ýedi gezek aýlanar,
Bize berilen ýagty dünýäň ýüzünde.
Bir ädim yzyňda ajal sersepil,
Amanat janyňa berensiň kepil,
Adam bolup iman içinde tapyl,
Bize berilen ýagty dünýäň ýüzünde.
Gülşirin Söýünowa ✍️
©gülşirin_s