G

Gymmatly wagtym.

Ýöräp ötdüm her köçäniň üstünden,
Syryp aýakgabym ýeriň çaňyny.
Bu ýaşlyk ýyllaryň gadry bolmajak,
Şeýle basym geçýär wagtyň salymy.
Arkasyna dönen-geçen ýyllarym,
Näme ýadygärlik goýdy aňymda?
Gymmatly wagtymyň boş pursatlaryn,
Doldurmak güneşi dogdy alnymda.
Bir gün ýaşamadyk ýaly ötmekden,
Gorkýaryn dünýäniň zalym ýüzünden.
Gitseň-de yzyňda ýadygär boljak,
Hem söýüljek, sözüm galsyn özümden.
Gymmatly wagtlar geçýär hasapsyz,
Her hasabyn many bilen gurşasam.
Ýaşlyk bilen galmak isleýän emma,
"Tebigy zat" diýmek bilen garşysyň.
@Gülşirin_Söýünowa.
©gülşirin_s