G

Peseltme Dünýä.

Meni gözüň bilen iýäýjek ýaly,
Beýle zalym garap esetme Dünýä.
Üstüme zulmuňy goýaýjak ýaly,
Döwüriň öňünde pes etme Dünýä.
Ýagşylyk etseň et, öz göwnüm ýaly,
Hoşamaý bakyşyň bes etme Dünýä.
Ýaşamak isledim seň ömrüň ýaly,
Ömrümiň öňünde peseltme Dünýä.
Niýetim deý bolsa ykbalyň özi,
Şükür mundan öte mes etme Dünýä.
Içimde ýer alsyn ahlagyň gözi,
Adamlaň içinde peseltme Dünýä.
Gülşirin_Söýünowa.
©gülşirin_s