G

Razy durmuşdan.

Dünýäm seňki bolsun ýaşa meň üçin!
Ömrüm seňki bolsun gal sen Zeminde!
Ölmez ýitmez söýgüm ýaşar seň üçin,
Diňe seniň üçin bar men Zeminde!
Seň ýylgyrşyň bilen ýagtylýar gijäm,
Gündüzimiň nury alan serpaýym.
Sen bolduň durmuşda bagtly bijäm,
Hijem aýyrmasyn Takdyr Hudaýym!
Ýeňleýär baryňda ýüki arkamyň,
Bir ömüri geçe biljek biri men.
Sen baky eýesi söýgi sarpamyň,
Ýaşaýanyň üçin ynan diri men.
Ýollar ýatyr, ýagşy-ýaman garşylap,
Tut elimi bakylyga ýoldaş bol!
Mähir, wepa, söýgi, bolsun garşylan,
Şonda bagtly men, razy durmuşdan!
@Gülşirin_Söýunowa.
©gülşirin_s